Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent bilen Tokio Ýaponiýada 10 müň özbegistanly üçin iş mümkinçiligini göz öňünde tutýan şertnama baglaşdy


Tokio
Tokio

Özbegistanyň hökümetiniň ýanyndaky Migrasiýa agentligi bilen Ýaponiýanyň Japan-China-Asia Medical Educational Cultural Exchange General Incorporated Foundation (JCAEMCE) guramasy Ýaponiýada 10 müň özbegistanlynyň işe ýerleşdirilmegini göz öňünde tutýan şertnama baglaşdy. Bu barada Özbegistanyň resmi agentligi habar berýär. Maglumata görä, bu taslama Ýaponiýada işlemäge höwes bildirýän özbegistan raýatlarynyň taýýarlyk görmegine we iş tapmagyna ýardam berer.

Şertnamanyň çäklerinde Daşkentde, şeýle-de Samarkant we Namangan welaýatlarynda “Yapon Mahorat Nuri” atly ýapon dili okuw kurslarynyň açylmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem şu aýyň dowamynda Ýaponiýada iş orunlaryny özbaşdak saýlap almak hem-de iş berijiler bilen göni habarlaşmak mümkinçiligini berjek “WiseBridge” onlaýn platformasyny işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Özbek wekiliýetiniň Ýaponiýa eden saparynyň dowamynda wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi baradaky mesele hem maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň ykdysadyýeti ep-esli derejede daşary ýurtlarda işläp, maşgala agzalaryna maliýe serişdelerini ugradýan zähmet migrantlarynyň pul geçirimlerine baglydyr. Zähmet migrantlary geçen ýyllarda bolşy ýaly, häzirem esasan Russiýany saýlap alýarlar.

Emma soňky ýyllarda Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy sebäpli merkezi aziýaly migrantlary fronta çekmek ýaly ýagdaýlar ýygjamlaşdy.

Ýewropa ýurtlary Merkezi Aziýadan gelen migrantlary degişlilikde az sanda kabul edýär, olar esasan oba hojalygy pudagynda möwsümleýin işlerde işledilýär.

XS
SM
MD
LG