Aşgabatda dowam edýän gurak howa şertleri sebäpli şu ýylyň maý aýy, howa gözegçiligi başlanaly bäri şäherdäki iň gurak aýlaryň biri hökmünde taryha girip biler. Bu barada howa maglumatlaryna gözegçilik edýän Metežurnal neşiri 23-nji maýda habar berdi.
Häzirki wagta çenli paýtagtda bary-ýogy 1.6 millimetr ýagyn ýagdy, bu hem maý aýy üçin bellenen köpýyllyk klimat kadalarynyň diňe 7.6% deňdir.
Resmi maglumatlara görä, Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri diňe iki ýyl maý aýynda mundan hem az ýagyn hasaba alnypdyr, ýagny 1968-nji we 1999-njy ýyllarda; şonda görkeziji diňe 1 millimetre deň bolupdyr.
Mundan başga-da, häzirki maýyň diňe gurak bolman, eýsem, iň yssy maý aýy hökmünde hem hasaba alynmagy ähtimal. Howa çaklamalaryna görä, şu ýylyň maý aýynda ortaça temperatura +26.9° bilen +27.4° aralygynda bolar. Bu görkeziji häzirki wagtda 2014-nji we 2021-nji ýyllarda hasaba alnan +27 gradus rekordyna deň gelýär ýa-da ondan hem ýokary bolup biler.
Meteorologlaryň belleýşi ýaly, Aşgabatda noýabr aýyndan bäri ýagyn derejesi kadadan ep-esli pes derejede bolmagynda galýar. 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri geçen aýlaryň hiç birinde ýagyn möçberi klimat kadalarynyň hatda ýarysyndan hem aşmady. Bu ýagdaý esasan-da ýylyň adatça iň ýagynly döwri hasaplanýan fewral-aprel aýlarynda hem dowam etdi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň resmi mediasy şu hepde ýurduň sebitlerinde howanyň +39 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýandygyny habar berýär.
Uzaga çeken bu guraklyk paýtagt Aşgabatda we Ahal welaýatynyň uly böleginde suwuň ýetmezçiligine hem-de ýerleriň guramagyna getirip, sebitde güýçli guraklygyň ýüze çykmagyna sebäp boldy.