Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Politico: ABŞ student wizasyny almak üçin geçirilýän söhbetdeşlikleri togtatdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy amerikan student wizalaryna dalaş edýänleriň ähli sosial ulgam sahypalarynyň hökmany ýagdaýda barlanylmagyny göz öňünde tutýan meýilnamany seljerýär. Bu barada Politico neşiri daşary ýurtlardaky ABŞ ilçihanalaryna iberilen diplomatik depeşä salgylanyp habar berýär.

27-nji maýda ýaýradylan we döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan tassyk edilendigi aýdylýan depeşä görä, sosial ulgamlaryň hökmany barlaglaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, Döwlet departamenti täze student wiza almak isleýänleriň söhbetdeşlik üçin ýazgysyny wagtlaýynça togtatmagy buýurdy.

Eger bu plan durmuşa geçirilse, student wizalarynyň resmileşdirilişiniň ep-esli haýallamagy mümkin. Şeýle hem bu çäre daşary ýurtly talyplaryň töleýän okuw töleglerine garaşly köp sanly uniwersitet üçin maliýe taýdan kynçylyklary döredip biler diýip, Politico belleýär.

Administrasiýa şeýle-de uniwersitetlere, esasan hem Garward ýaly abraýly ýokary okuw jaýlaryna gözegçiligi güýçlendirmegi maksat edinýär. Bu çäre ýokary okuw jaýlarynyň aşa liberal bolup, antisemitizm garaýyşlaryny ilerledýändigi bilen düşündirilýär. Şeýle-de migrasiýa gözegçiligi bilen bagly çäreler güýçlendirilýär, bularyň çäginde birnäçe daşary ýurtly talyp saklandy.

XS
SM
MD
LG