Daşoguzda saglygy saklaýyş pudagynyň öňki ýolbaşçysy we ýene birnäçe wekili sud edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri iş kesilen öňki resmileriň tussaglykda gynamalara sezewar edilendigini aýdýarlar.
Welaýatyň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Begenç Rejepowyň 10 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar beren çeşmelerimiz bu kararyň 26-njy maýda geçirilen sud diňlenişiginde yglan edilendigini aýtdylar.
"Sud Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirlik binasynyň mejlisler zalynda açyk görnüşde geçirildi. Begenç Rejepow 10 ýyl, buhgalteri Ýagmyr Öwezowiç 9 ýyl tussaglyga höküm edildi" diýip, anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşme aýtdy.
Begenç Rejepowyň hem-de onuň baş hasapçysynyň we kadrlar bölüminiň başlygynyň tussag edilendigi mart aýynda belli bolupdy.
Degişli maglumat Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy korrupsiýada saklandy – çeşmelerÇemeler derňewleriň iki aýa golaý wagtlap dowam edendigini belleýärler we iş kesilýänçä tussaglaryň gynamalara sezewar edilendigini aýdýarlar.
"Kazyýet iş kesýänçä Begenç Rejepow we onuň hasapçysy Ýagmyr polisiýa tarapyndan dürli gynamalara sezewar edildi. Elektrik togy we rezin taýaklar bilen agyr ýenjildi" diýip, welaýatyň kanun goraýjy edaralaryndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, Saglyk müdirliginiň kadrlar bölüminiň başlygy hem wezipesinden boşadylypdyr we birnäçe hassahananyň we saglyk öýüniň ýolbaşçylary hem jenaýat jogapkärçiligine çekilip, olara az möhletli iş kesilipdir.
Çeşmeler Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş boldular. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar dogrusynda Daşogzuň kanun goraýjy we saglyk edaralaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Emma daşoguzly çeşmeler resmileriň tussag edilmeginiň welaýatyň saglyk pudagyndaky korrupsiýa täsir etmändigine we parahorlugyň dowam edýändigine ünsi çekýärler.
"Pudakda parahorluk güýçli depginde dowam edýär. Korrupsiýa bilen bagly diýlen tussag edişlik netije bermedi. Korrupsiýanyň has-da güýçlenmegine getirdi" diýip, çeşme belledi.
Daşogzuň güýç edarasyndaky çeşme lukmanyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbiniň onuň welaýatyň käbir täsirli ýolbaşçylarynyň göwnünden turmandygy bilen düşündirýärler.
"Onuň häkim bilen arasyndaky konflikt sebäpli [Begenç Rejepow] yzarlanyp, oňa para bermek hem ýörite gurnalypdyr. Iň erbedi, Daşogzuň saglygy saklaýyş pudagy iň oňat çagalar hirurgyndan aýryldy" diýip, çeşme aýdýar.
Begenç Rejepow käri boýunça hirurg we çagalar lukmany.
"Daşoguz halky gaty gynandy. Welaýatda bilimli çagalar hirurgy ýok" diýip, ýene bir çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Balkanda möhleti geçýän dermanlar saglyk işgärleriniň üstüne mejbury ýüklenýärAzatlyk Radiosynyň çeşmeleri martda Daşogzuň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň tussag edilen wagtynda beren maglumatynda Begenç Rejepowyň we onuň töweregindäki birnäçe adamyň korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýandygyny aýdypdy.
“Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy wezipesinden hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky işgärlerden, şeýle-de welaýatyň çäginde ýerleşýän döwlet we hususy eýeçilikdäki dermanhanalardan, täze işe kabul edilen lukmanlardan hem-de şepagat uýalaryndan para almakda aýyplanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň beripdi.
Şonda, Azatlygyň çeşmesi bu waka Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýat bölümine bellenen käbir howpsuzlyk işgärleriniň hem gatyşygynyň bolandygyny aýdypdy.
Bu tussag edişlik barada ilkinji bolup, 24-nji martda habar beren garaşsyz Turkmen.news neşiri saklanan saglyk resmilerine korrupsiýa, pul ogurlygy hem-de lukmançylyk enjamlarynyň bikanun satylmagy ýaly aýyplamar boýunça günä bildirilýändigini habar beripdi.
Degişli maglumat Azatlykda çykýan habarlardan soňra, saglyk edaralaryna üns berlip başlanýar – medisina işgäriGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.