Polşanyň prezident saýlawlarynda Karol Nawrotskiý ýeňiş gazandy

Karol Nawrotskiý

Polşada geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, oppozisiýadaky sagçy-konserwator “Hukuk we Adalat” partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär, Karol Nawrotskiý ýeňiş gazandy. Saýlawlaryň 1-nji iýunda geçirilen ikinji tapgyrynda Nawrotskiý sesleriň 50,89%-ni aldy. Bu görkeziji bilen ol bäsdeşi, Warsawanyň häkimi Rafal Tşaskowskiden tas 400 müň ses köp aldy. Bu barada Polşanyň saýlaw komissiýasynyň beren resmi maglumatynda aýdylýar.

Karol Nawrotskiý ozal Polşanyň Milli ýatlama institutynyň ýolbaşçysy bolup işledi. Ol häzir wezipesinden gidip barýan prezident Andžeý Dudanyň “Hukuk we Adalat” partiýasy tarapyndan goldanyldy. Duda iki möhlet yzly-yzyna döwlet baştutany bolupdy.

Nawrotskiý sagçy-milletçilik garyýşlarynyň tarapynda çykyş edýär. Ol ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň alyp barýan syýasatyna bolan goldawyny açyk beýan edýär.

2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Nawrotskiý Russiýada gözlenilýär. Ol Polşanyň çäginde sowet goşunynyň ýadygärlikleriniň sökülmegi bilen baglanyşykly jenaýat işi boýunça derňelýär.

2018-nji ýyldan bäri Warşawanyň häkimi bolup işleýän Tşaskowskiý ýewropa tarapdar we liberal syýasata eýerýär.

18-nji maýda geçirilen saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda Tşaskowskiý 31,4% ses aldy we Nawrotskiýden iki göterime golaý öňe saýlanypdy.