Reuters: ABŞ resmileri “Kerep” operasiýasyna Russiýanyň jogabynyň entek öňdedigine ynanýar

"Kerep" operasiýasy

ABŞ-nyň administrasiýasy Ukrainanyň 1-nji iýunda Russiýanyň birnäçe harby aerodromynda bombalaýjy uçarlaryna garşy geçiren “Kerep” operasiýasyna Russiýanyň entek doly jogap bermändigine ynanýar. Bu barada Reuters agentligi hökümet çeşmelerine salgylanyp maglumat berýär.

Waşingtonda geçen hepde Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyran giň gerimli adam pidaly zarbalarynyň entek Moskwanyň “asyl jogaby” bolmandygyna ynanýarlar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren soňky telefon gepleşiginden soň, Moskwanyň şeýle jogaba taýýarlanýandygyny aýdypdy.

ABŞ-nyň administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, Moskwanyň jogap zarbasy birnäçe günüň içinde amala aşyrylyp bilner. Agentligiň ady aýdylmaýan çeşmesiniň biri bu zarbanyň “iň ýakyn günlerde” bolup biljekdigini çaklaýar. Başga bir resmi bolsa Moskwanyň “assimetrik” jogap bermegi mümkin diýip belleýär, ýagny bu hüjüm “Kerep” operasiýasyndaky ýaly däl-de, başga görnüşde bolup biler. Şol operasiýanyň dowamynda, dürli maglumatlara görä, 20-den 40-a çenli rus harby uçary Ukrainanyň dronlarynyň hüjümine sezewar bolupdy. Bu dronlar aerodromlaryň golaýynda ýük ulaglarynyň içinde gizlenipdi.

Waşington Russiýanyň utgaşdyrylan we dürli serişdeleriň ulanylmagy arkaly giň gerimli howa hüjümini amala aşyrmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýar.

Günbatar diplomatik toparlaryna degişli başga bir çeşme bolsa, Russiýanyň Ukraina garşy jogap hökmünde hökümet binalary ýaly “simwoliki” nyşanalary urup biljekdigini çaklaýar.