Russiýa Harkiwe zarby urdy, ýaralananlaryň arasynda çagalar hem bar

Russiýanyň Harkiwe uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň harbylary 30-njy maýa geçilýän gije Ukrainanyň Harkiw şäherine howa hüjümini amala aşyrdy. Ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, hüjümiň netijesinde azyndan 11 adam, şol sanda iki ýetginjek çaga ýaralandy.

Harkiwiň häkimi Ihor Terehowyň maglumatyna görä, şäheriň Slobodsk etrabynda dronlar sekiz nyşana baryp urdy. Zarbalaryň netijesinde ýaşaýyş jaýlaryna, şeýle hem şäheriň jemgyýetçilik ulag depolarynyň birine uly zyýan ýetdi.

Onuň bellemegine görä, zarbanyň netijesinde bir troleýbus dolulygyna ýandy, ýene-de 18 ulag dürli derejede zaýalandy.

Harkiw oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Sinýehubow hüjümiň netijesinde jemi 11 adamyň ýaralanandygyny, şol sanda 16 ýaşly iki çaganyň şikeslenendigini tassyklady. Onuň sözlerine görä, Çuguýew etrabynyň düzümine girýän Wasilýew Hutor obasy hem dronlaryň hüjümine sezewar boldy.