Meredow: Türkmenistan ABŞ-nyň işewür düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarly

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (arhiw suraty)

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Resmi maglumata görä, Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy görkezilipdir.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart (sagda)

Duşuşykda kiberhowpsuzlyk, ýaşyl tehnologiýalar we bilim ýaly ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garalandygy aýdylýar.

Meredow ABŞ-nyň işewür düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan edipdir.