Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça “Wirtual aktiwler hakynda” kanun taslamasynyň üstünde işlenýär. Bu barada 23-nji maýda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde mälim edildi.
Maglumata görä, resminamada wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär.
Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda maýningiň we wirtual aktiwleriň ornaşdyrylmagy boýunça göz öňünde tutulýan nähilidir bir meýilnama häzire çenli jemgyýetçilige aýan edilmändi.