Yrak Türkmenistandan gazy “swap mehanizmi” arkaly alar – media

Illýustrasiýa suraty

Yrak Türkmenistandan gazy geçiriji arkaly import etmek baradaky ozalky meýilnamasyndan, ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalary sebäpli, ýüz öwürdi diýip, zawya neşiri 29-njy maýda habar berdi. Onuň ýerine, Yrak häzir goňşy Eýrandan gaz almak bilen bir hatarda, bu üpjünçiligiň bir bölegini Türkmenistandan gelen gaz bilen çalyşmagy maksat edinýär.

Habarda bellenilşi ýaly, täze üpjünçilik mehanizmi “swap”, ýagny “gaz çalşygy” görnüşinde amala aşyrylar. Onuň çäklerinde Türkmenistan her gün Eýranyň demirgazyk sebitlerine 20 million metr3 gaz iberer. Eýran bolsa şol möçberdäki öz gazyny Yraga eksport eder. Türkmen gazynyň özi bolsa Eýranyň içerki sarp edilişi üçin ulanylar.

Malgumata görä, ozalky meýilnama laýyklykda, Türkmenistandan gaz Eýranyň geçiriji ulgamy arkaly Yraga ýetirilmelidi. Ýöne ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli, gaz geçirilişi üçin zerur bolan tölegleri amala aşyryp bolmaýandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Yraga gaz ibermek baradaky ozalky beýanatlarynda munuň Eýranyň çäklerinden “Swap” usulynda guramak meýilleşdirilýändigi bellenipdi. Türkmen tebigy gazynyň 9 milliard metr3 “swap” usulynda Eýrandan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiljekdigi aýdylypdy.

Soňky maglumata görä, Yragyň energetika ministri Ziad Fadhil “swap” mehanizmini maslahatlaşmak üçin 25-nji maýda Türkmenistana gelipdir.

Bu soňky özgerişlikler barada türkmen mediasynda maglumat berilmeýär.